logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GALLA EKIŞI

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzki bugdaý ekilişine başlandy. Bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda beýleki pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň türkmen topragynda oba hojalygyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, her bir dänäniň müň bolsun diýip, ekişe ak pata berdiler. Bu buýsançly dabara gatnaşyjy ýaşulular, ýaşlar we öňde baryjy mehonizatorlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Ak bugdaýyň mekany bolan şu mukaddes topragymyzyň taryhy hakynda, ata-babalarymyzyň ekerançylykda bitiren hyzmatlary we muzeýimizde bar bolan gadymy zähmet gurallary bilen garyşdyrylyp, olar barada ylmy maglumatlar berildi.

Zähmetsöýer daýhanlaryň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar!