logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garagumyň aýdymçysy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde körpeje okyjylaryň arasynda “Garagumyň aýdymçysy” şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni Kasym Norbatowyň ömri, nusgawy döredijiligi we çagalara goýan baý edebi mirasy barada körpeje okyjylara şeýle täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem kitaphana hünärmeni şahyryň körpe okyjylaryň kalbyna barýan iň gysga ýoly tapandygyny aýratyn belledi. Onuň çagalar üçin ýazan eserleri we dünýä edebiýatyndan eden terjimeleri çagalaryň iň söýgüli kitaplaryna öwrülendigini hem belläp geçdi. Körpeje okyjylar hem öz gezeklerinde şahyryň goşgularyndan bölekleri ýatdan aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda edebi, mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil we parahatçylyk söýüji bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary etýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.