logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda, türkmen toý-toýlaýar ýeriň ýüzünde

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda, türkmen toý – toýlaýar ýeriň ýüzünde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyza getiren bagtyýarlygy, döwletimiziň gazanan ýokary sepgitleri hem-de milli agzybirligiň berkligi barada çuňňur mazmunly sözleri aýtdylar. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýandygy, bu şanly sene halkymyzyň agzybirlik we döredijilik ýoly bilen gazanan ýeňişleriň şaýady bolýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.