logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Diýar, bedew batly ýurdum öňe barýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň, oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda bedew batly ösüşler bilen ýurdumyzy täze üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.