logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BADY AK ÝOLLARYŇ ROWANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew bady ak ýollaryň rowany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen täze 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basandygy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny has-da şöhratlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanmyzyň dünýäni haýran galdyryjy ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanmyzyň abraý mertebesini belende göterýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.