Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew bady bilen rowaçlanýar” ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri adamzat bähbitli işlerde üstünlik gazanýan döwletimiziň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň çar künjünde parlamasy, bu giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň subutnamasy bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler uly üstünliklere eltýändigi, hem-de atçylyk sportyny ösdürmek, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.