logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýilip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedigi, çünki bu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uly şowhuna beslenip toýlanjakdygy, şeýle-de ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu ýyl ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin edilen arzuwlara, üstünliklere, ähli ugurlarda uly rowaçlyklara bedew bady bilen ýetilýän ýyl boljakdygy hakynda aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.