logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝLIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI ÝAZGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işler, gazanylan üstünlikler dogrusynda söhbet etdiler, şeýle hem 2026-njy ýyly hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýazgy edildi. Ýazgynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmeginde alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.