Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli sergi gürrüň geçirildi. Bu gürrüňdeşlik oňa gatnaşan talyp ýaşlarda has-da uly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzda her ýyly aýratyn döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi, täze 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň bedew ata üstünlige ýetmegiň nusgasy hökmünde garaýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Bedew atlar-gerçek gaýratynyň nusgasy. Watançylyk duýgusynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar. Gysgaça aýdylanda bolsa, ahalteke bedewleri adamyň gadymýetden bäri dowam edip gelýän gözelliginiň–gözellik gözleg netijeleridir» diýip türkmen bedewleriniň halkymyz üçin uly gymmatlykdygy örän jaýdar belläp geçýär. Bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň «At-myrat» diýen pähimi türkmen halkynyň ýaşaýyş pelsepesiniň düýp manysyny açyp görkezýär. Türkmen bedewi dünýä medeniýetiniň aýratyn bölegidir. Ahalteke bedewleri öz gözelligi, ýyndamlygy we eýesine wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär.
Bu ýylda Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden baýram edilip bellenilmegi her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz milli gymmatlyklarymyzy, ruhy ýörelgelerimizi, buýsançly ösüşlerimizi dabaralandyrmakda täze mümkinçilikleri döreder.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Nuryýewa Maral
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri