logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi bilen bilelikde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler hem-de geçirilen halkara derejesindäki forumlardyr, maslahatlar dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde türkmen halkynyň arzuw-umytlar bilen garşy alan 2026-njy ýylyny “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.