logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI ÝAZGY EDILDI.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli alnyp barylýan işler hakynda, bu ýylda ýurdumyzyň baş baýramynyň-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi, baýramçylyk mynasybetli Döwlet kitaphanasynda geçiriljek çäreler dogrusynda täsirli söhbet etdiler we işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.