logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň özbaşdaklygy, şan-şöhratly ýollarynda ýetilen belent sepgitler, baky Bitaraplyk derejämiziň bütin dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň adyndan belli bolşy ýaly döwletimiz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy hakynda buýsanç bilen beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, umumyadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.