Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýurdumyz üçin ösüşli ýyllaryň biri boljakdygy hakynda belläp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň berkdigini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilendigini, şeýle hem halkymyzyň beýik maksatlara bolan ynamyny we ösüş ýolundaky tutanýerliligini özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini, jemgyýetimiziň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini hem-de geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ýyllardan-ýyllara bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.