Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygyň we sagdynlygyň mekany” – atly sportda gazanylan üstünliklere bagyşlanylyp geçirilen serginiň çäklerinde “Saglyk biziň hemramyz” atly göçme kitap sergisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ensiklopedik ylmy neşirleri we olarda beýan edilýän jana tenekar derman otlar hem-de olardan peýdalanmaklygyň düzgünleri barada örän ussatlyk bilen seljerme berilişi hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 7-nji aprelinde halkara jemgyýetçilik bilen birlikde, ýurdumyzda Bütündünýä saglyk gününiň giň gerimde bellenilip geçilmegi sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýändigi hakyndaky söhbetleri hem talyp ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bedenterbiýäni we sporty ösdürip dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan giň gerimli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.