logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly ýörelgä öwrülendigi, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygary utgaşykly gelmeginde hem uly many bardygy hakynda çykyş etdiler. “At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly ajaýyp ýurdumyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň ulydan baýram edip belleniljekdigi hakynda aýtdylar. Şeýle-de Ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň at-abraýyny ýer ýüzünde şöhratlandyrmakda örän uly ornunyň bardygy hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren, asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.