Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölümi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylynda hasabat ýygnagy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her bir türkmen zenanlarymyzyň jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna–syýasy, ykdysady, sosial, medeni ugurlaryna işjeň gatnaşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle hem Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýänligi barada Arkadag şäheriniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen eneleriniň, türkmen zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary ugrunda paýhasly syýasaty bilen uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!