logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülip, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak ajaýyp ýyllaryň ýene birine–«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedigini, bu bolsa türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, ýagty geljegi nazarlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglydygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.