logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Watanymyzda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrylmagy ildeşlerimizde aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredip, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dosty, kyn gününde syrdaşy bolup, ynsana mahsus gylyk häsiýeti hem-de eýesine wepalylygy bilen meşhurlyga eýedigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly belent ösüşlerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.