logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, görkanalygy jahana ýaýylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda, milli oýunlary, sungatyň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilip, türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy dünýä ýüzündäki şöhratyny ýene-de belent derejelere ýetirilýändigi barada beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.