logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZ DIÝARYM, BAKY BITARAP!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Garaşsyz Diýarym, baky Bitarap!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz baky Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost- doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, parahatlyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip Halkara derejesinde uly abraý gazandy diýip, nygtap geçdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.