logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz diýarym - mukaddes ýolum, Şanly toýuň gutly bolsun Watanym!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz diýarym–mukaddes ýolum, Şanly toýuň gutly bolsun Watanym!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk, baky erkinligiň güneşi, bagtymyzyň we döwletliligimiziň altyn täji, geçmişimizden geljegimize uzaýan röwşen ýolumyzdygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynyň şygary halkymyzyň watançylyk duýgusyny beýgeldip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga beýik ruhy güýç berip, diýarymyzy gülledip ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň bitirilýändigi hakynda belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew bady bilen öňe tarap, beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.