Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz diýarymda baýram bu gün, toý bu gün” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň täze öwüşginde hasyl bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk – biziň milli buýsanjymyz we baky berkararlygymyz, Garaşsyz diýarymyzda toýlanýan her bir baýram halkymyzyň agzybir hem-de parahat durmuşynyň aýdyň beýanydyr diýip belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir gadyrdy.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.