Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz döwletimiziň bedew batly ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji –hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyny aýdyň şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.