2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Medeniýet ministri wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Duşenbe şäherinde geçirilen Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisinde bu döwletleriň arasynda alnyp barlan we geljekde meýilleşdirilýän medeniýet babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu Gurama agza döwletleriň Gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşi 2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirildi. Şonuň ýaly hem, Mary şäheri 2012-nji ýylda, Daşoguz şäheri bolsa 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we şol ýyllarda ýurdumyzda agza döwletleriň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ençeme medeni çäreler geçirilendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik wekilleri Gurama agza döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde birek-biregiňkide geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň Medeniýet ministri hem öz gezeginde Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleleri Türkmen tarapynyň goldaýandygy, geljekde bu dostlukly döwletler bilen medeniýet babatdaky hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda dowam etdiriljekdigi barada aýtdy we mejlisiň işine gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw etdi.