logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASYNY ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRENMEKLIGIŇ YLMY ÄHMIÝETI

Ylym – bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Ýaşlaryň ylmy gadamlary», «Suratkeşleriň döredijilik eserlerinde ylym-bilimiň waspy», «Arkadag şäheriniň döwrebap binagärlik taslamalary», «Türkmen dessanlary dünýä ylmynda», «Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan nakgaşlyk eserleri», «Ylym we bilim Watanymyzyň kuwwaty», «Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy», «Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň uludygyny yzygiderli bellediler.