logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly ylmy maslahaty

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy H.Gurbannazarowyň «Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy A.Hajyýewanyň «Reňk atlarynyň grammatik klassifisirlenmegi», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy M.Beknazarowanyň «Ylym – ösüşleriň hereketlendiriji güýji», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallym-öwrenijisi Ç.Gylyjowanyň «Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik döredýändigi barada çykyşlarda bellenildi.