logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz Watanym – jennet mekanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 37-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Watanym – jennet mekanym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belentden tutulýan toý-baýramlaryň bagtyýarlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň aýdyň nyşanyna öwrülendigi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.