logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz, Watanym jennet mekanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Watanym jennet mekanym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylan ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöýerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahat durmuşda ýaşaýandyklary hakynda buýsançly beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.