logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz, Watanym – jennet mekanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, Watanym – jennet mekanym» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan Watanymyz dünýä ýüzünde asuda, parahat, Garaşsyz döwletiň mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy iň naýbaşy baýramlaryň biri bolup, bu çäksiz bagta buýsanmak her bir ynsan üçin bagt bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Bu şanly sene mynasybetli talyplaryň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.