Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyz Watanymyz baky gül açýar» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzda dabaraly belleniljek Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler, gurnalýan sergiler, edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary hem-de Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri barada çykyş etdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzy, Watanmyzyň ösüşlerini, özgerişlerini bagtyýar zamanamyzy wasp edýän birnäçe goşgular okaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.