logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary atly döredijilik sergisi

Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Bu şanly sene şu ýylymyzyň taryhy wakasy bolmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýlup, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän döwrebap eserlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaş suratkeşleriň döredijilik ýolunda has-da kämilleşmäge ylham berýär. Şoňa görä-de şekillendiriş sungatynda döwrebap kämil eserler döredilýär. Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ýurdumyzyň asudalygyny wasp edýän eserler watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna, pikir garaýyşlaryna möhüm orun berilýändigini buýsançly bellemelidiris. Her ýylda däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredijilik eserleriniň sergisi geçirilýär. 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda sungat ojagynyň sergiler jaýynda «Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyl toýy mynasybetli döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi.
Sergide mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Zehinli talyp Täzegül Döwletowanyň «Kalp owazy» eserinde türkmen milli dutar saz guralynda Watanymyzy wasp edýän sungat ussadynyň ajaýyp keşbi döredijilikli beýan edilýär. Bu eserde behişdi bedewlerimiziň çapyp barýan ajaýyp keşbi kalpdan syzylyp çykýan ýakymly owaz bilen çeper sazlaşýar. Ýazjemal Geldimyradowanyň «Ak pata» atly eserinde däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýunyň bir ajaýyp pursady janlanýar. Bu eserde gelniň elini ak una degirilip ýagşy arzuwlar bilen, rysgal bereketlilik täze geline arzuw edilýär. Toýuň özboluşly bu ajaýyp pursady taslama eserinde janly keşbe eýe bolýar. Serdar Osmanowyň «Güneşli diýaryň säheri» eserinde Aşgabat şäherimiziň ak mermere beslenen binagärlik keşbi beýan edilýär. Gülşen Rozyýewanyň «Parahatçylyk aýdymy» eserinde eziz diýarymyzyň gülläp ösüşleri millilik bilen sazlaşýar. Bagtyýar döwrümizi wasp edýän eserleriň arasynda Gülälek Hojanepesowanyň «Türkmenistan bagy bossan», Aýgözel Annamyradowanyň «Bagtyýar nesiller» atly nakgaşlyk eserleri taslama gurluşy bilen ýokary derejede has-da tapawutlanýar.
Çeper eserleriň sergileri ýaşlaryň pikirlenmegini we hyýaly düşünjelerini ösdürmekde hem-de döredijilik ukybyny kämilleşdirmekde täsirli çäredir. Sergide görkezilýän dürli tematiki eserler biri-birinden taslama gurluşy, ýerine ýetirilişi hem-de çeperçilik usuly bilen tapawutlanyp, olarda dürli döredijilik pikirler açylyp görkezilýär.

Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy