logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BELENTDEN ÝAŇLANÝAR BAGTYŇ OWAZY!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda medeniýet we sungat işgärleri, sahna ussatlary çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ylhamlanyp, şirwan perdä galan medeniýet we sungat ussatlarynyň owazy bagtyýarlygyň buşlugy bolup ýaňlandy. Konsertdäki çykyşlar bitewülikde parasatly döwlet Baştutanymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň waspnamasyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň toýlara ulaşýan günlerinde kalby joşgunly ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa uzak ömür, jan saglyk, tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler!