Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda hemişelik okyjylarynyň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlap "Aşgabat" teleýaýlymynyň "Bagtyýar çagalyk" gepleşiginiň ýazgy etmekliginde "Garaşsyz ýurt dünýä ykrar, Arkadagly Gahryman Serdarly diýar" atly gysgaça çeper okaýyş esasynda bäsleşik geçirdi.
Kitaphanamyzyň işjeň okyjylary ajaýyp döwrümizi, Garaşsyzlygyň bize beren miwelerini hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp edip özleriniň döreden goşgularyny ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphanamyza ýazylyp iň köp kitap okamaklykda tapawutlyk görkezen okyjylarymyz hem bäsleşige gatnaşdylar.Özleriniň döredijilik başarnyklary we kitap okamaklykda öňe saýlanan ýaş okyjylarymyza Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň adyndan degişli Hormat haty bilen sylaglanyldy.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýas nesillere okamaklyga, öwrenmeklige we döredijilik bilen meşgullanmaklyga diýarymyzda döredilýän uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.