logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN- BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY»

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýazgy etdiler. Kitaphanaçylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda alnyp barylýan işler, ýetilen ösüşler hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da kitaphana işini has-da ösdürmek, okyjylaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýän işler dogrusynda söhbet edip, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.