logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYGY WASP EDÝÄN TÄZE SAHNA ESERLERI

Bagtyýar watandaşlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Garaşsyzlygymyz – barlygymyz». Şu jähetden, Garaşsyzlyk – biziň eziz Watanymyza söýgimizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. Pederlerimiziň toý-baýrama sowgatly-serpaýly barmak asylly däbine eýerip, ýurdumyzyň teatrlary hem sirkleri şanly baýramymyza täze sahna eserleri bilen geldiler. Baş baýramymyzyň toýy giňden dabaralanýan aýyň 11,12,13-inde ýurdumyzyň ähli teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralýar.

Sahna oýunlarynda hem-de sirk tomaşalarynda mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünlikleri hem-de syýasy, durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň şanly wakalary, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygy, watansöýüjilik, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollary wasp edilýär. Gazna tarapyndan hemaýat ýetirilen çagalaryň ene-atalarynyň, hossarlarynyň, tutuş halkymyzyň, dünýä halklarynyň alkyşy çäksizdir. Şu jähetden, «Howandar» sahna eseri ynsan ömrüni iň gymmatly baýlyk hasaplaýan lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sogap işlerine halkymyzyň senasy, haýyr işleriniň çeper hekaýatydyr. Bu eser garagöz çagajyklaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly kitabynyň esasynda döredilen «Jennet mukamy» atly aýdym-sazly sahna eserini taýýarlady. Eser halkymyzyň milli guwanjy bolan dutara hem türkmen halysyna bagyşlanandyr. Sahnada taryhda «Beýik Ýüpek ýolunyň» ugry bilen milli baýlyklarymyzyň çawunyň dünýä ýaýraýşy halyçy gyzyň hem-de dutarçy ýigidiň päk söýgüsi hem-de wepalylygy baradaky rowaýatyň üsti bilen giňden dabaralandyrylýar.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli sahnalaşdyran spektakly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina edilen gözel Aşgabat şäheriniň waspyny ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň kämil köňlüniň kelamy «Ak şäherim Aşgabat» kitabyndan ruhlanylyp döredilen bu täze eserde Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly wakalaryndan soňra merdana halkymyzyň Watanymyzyň ýüregini bolan paýtagtymyzy dikeltmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek babatda zähmet gahrymançylygy täsirli durmuş wakalarynyň üsti bilen çeper beýan edilýär. Onda halkymyzyň dogumlylygy, gaýratlylygy, wepalylylygy, birek-birege mähribanlygy sahna sungatynyň dili bilen dabaralandyrylýar. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny «Dostluk mukamy» atly sahna oýny bilen begendirýär. Sahnada çykyş edýän erteki gahrymanlary aýdym-sazly, şowhunly çykyşlar bilen ýaşajyk tomaşaçylara ýene bir ýola, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşamaklygyň, birek-biregi goldamaklygyň, mähirli gatnaşyklaryň ýaşaýyş üçin zerur zatlardygyny ündew edýär. Umuman, bu sahna eseri tokaýdaky wakalar hem türkmen tebigatynyň täsin jandarlarynyň şowhunly çykyşlaryndan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry bagtyýar ýaşlarymyzyň ykbalyndan söz açýan sahna oýny bilen tomaşaçylary begendirýär. Pýesa Gahryman Arkadagymyzyň «Atda Wepa-da bar sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary esasynda çeperleşdirilip ýazylan eser. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry M.Kazakowanyň «Eşit meni» atly sahna eseri bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Sahnada Aýperi atly ýaş gyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda öz saýlan dizaýnerlik hünäri boýunça ýokary bilim alyp, söýgüli hünäriniň inçe syrlaryny öwrenişi, ökde hünärmen bolup ýetişip Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin çekýän päk zähmeti ýaýbaňlandyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Agzybirlik rowaýaty» atly dramasy eserini sahnalaşdyrdy. Bu eser Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan ylhamlanyp döredildi. Sahnada agzybirligiň güýjüniň ähli ösüşleriň hem-de parahat ýaşaýşyň girewidigi dabaralandyrylýar. Bu eserde ykbal ýollary Polady galada Pugta atly gyz bilen duşurýar. Olaryň mukaddes söýgüsi bagtly durmuşa ýetirýär. Mahlasy bu spektaklda gyzykly wakalaryň üsti bilen pelsepewi ýörelgä daýanýan parasatly halkymyzyň watansöýüjilik hem-de parahatçylyk ideýalary giňden wasp edilýär. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry şanly baýramçylygymyz mynasybetli «Mukaddesdir bu Watan» atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahna oýnunyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeltýär” kitabyndaky Watan mukaddesligi baradaky aýdan pähim-parasatly öwüt-ündewleri öz beýanyny tapýar. Onda Gorkut atanyň ýaş Watançy ýigitlere sargydy esasynda «Gorkut ata» eposynyň «Bekel ogly Ymran» boýundaky wakalar sahnada janlanýar. Oguz döwletiniň serhedini sak goraýan watançy ýigit Bekeliň gahrymançylygy mynasybetli Oguz iliniň toý tutup, muňa-da Gorkut ata gelip, bu «Oguznamany» aýtmagy bilen utgaşýar. Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky sazly drama teatry belli şahyr hem dramturg N.Rejebowyň «Döwletli döwran geldi» atly pýesasy esasynda sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürleýär. Dramada ýaş nesilleriň päk söýgüsini hem-de döwürleriň arasazlaşygy açyp görkezýär. Wakalar dost-doganlyk kenaryna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täsin tebigy gözelligi we häzirkizaman ösüşleri bilen utgaşýar. Deňze dynç almaga baran Gummandyr Dilber, Ojardyr Göwher ýaly ýaşlar hut şu ajaýyp künjekde biri-birine duşup, bagtyny tapýarlar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň belent ösüşlerini, ýaş juwanlaryň yşky duýgularyny beýan edýän bu oýun aýdym-sazlar bilen bezelen liriki tomaşadyr. Eseriň dowamynda durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň arassa duýgulary gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Oýun adaty durmuş çäklerinden çykyp, döwlet syýasatynyň her bir ynsana, her bir ojaga berýän bimöçber aladasyny simwoliki dilde wasp edýär. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan dramaturg G.Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Oguz ýigidi» atly sahna oýnunda Gorkut ata eposynyň Däli Garçar boýundaky gyzykly wakalar janlandyrylýar. Bu eserde çaga terbiýesi, türkmen gelin-gyzlaryň päk ahlaklylygy, asylly edep-ekram ýörelgeleri giňden ündelýär. Eseriň gahrymany Tulpar gyzyň öz öýündäki tekepbirligi gaýyn öýüne baryp, Oguz ýigidiň terbiýesini görenden soňra tutanýerlilige, başarjaňlyga, pespällige, maşgala bolan söýgä öwrülýär. Bu sahna eserinde „Balam eziz, edebi ondanam eziz“ diýen türkmen nakylynyň çuň manysynyň bardygy ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry «Türkmen soltany – Jelaleddin” atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahnada keşbi janlandyrylýan Jelaleddin soltanyň edermenligi türkmen halkynyň uzak geçmişindäki watanperwerli taryhy wakalary bilen utgaşýar. Belli türkmen taryhçysy An Nesewiniň taryhy ýazgylary esasynda döredilen bu eserde halkymyzyň gahrymançylygy giňden dabaralanýar. Sahna eseri Jelaleddiniň Watan, halkyň jebisligi, bir bitewiligi, hakyndaky pikirleri «Watan gurulýandyr ata-baba yhlasyndan, Watan gurulýandyr halkyň beýik ykraryndan» diýlip tamamlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyp sirk täsinliklerini söýüjileri begendirýär. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Behişti bedewler – şöhrat-şanymyz», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni siz, ýelden ýyndam bedewler» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän muşdaklaryna hyzmat eder. Mundan başga-da, teatrlaryň hem-de sirkleriň ajaýyp sahnalarynda ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanar. Wäşileriň baýramçylyk gutlaglary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen tomaşaçylary begendirer.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatr we sirk sungatynyň işgärleri milli sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde ýaýmak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri, goldaw-hemaýatlary üçin soňsuz alkyşlar aýdýarlar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.