logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlygymyza bagyşlanan söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi bölüminiň gurnamagynda, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Täze açyşlary äleme buşlar, Garaşsyz Bitarap berkarar Watan!” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünliklere eýe boldy. Milli mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. Ine, şular hakynda söhbetdeşlikde nygtadylar.

Söhbetdeşlikde oňa gatnaşyjylar giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.