logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

6-njy sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Konsertiň açylyş dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ýaş nesiller baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridiginiň aýdyň beýanydyr. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ýaş nesle ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle bäsleşikler çagalar üçin özboluşly synag bolup durýar we olarda döredijilige söýgini artdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine mümkinçilik berýär.

Ilkinji gezek uly sahnada çykyş etmek çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolup, olaryň ruhy taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär hem-de sungat dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Milli aýdym-sazlar çagalarda Watany söýmek, öz halkynyň medeni mirasyna hormat-sarpa goýmak, oňa buýsanmak ýaly duýgulary terbiýeleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. «Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkdigini kepillendirýän esasy şertdir. Şoňa görä-de, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.