Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda “Garaşsyzlygyň waspy ýaş nakgaşlaryň eserinde” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar – diýip, söhbetdeşlikde çykyş edenler giňişleýin bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.