logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK-ÄHLI BAGTYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Garaşsyzlyk-ähli bagtyň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde alnyp barylan beýik işler,ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde we sungatymyzda, halk hojalygynda gazanylan ajaýyp üstünlikler hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!