logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK AK BAGTYM, BITARAPLYK GANATYM

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça gazanylan beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, onuň türkmen halkyna beren baky bagtyny wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde «Garaşsyzlyk–bagtymyz» atly kitabyndaky «Garaşsyzlyk ak bagtym, Bitaraplyk ganatym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk –Bagtymyz» atly kitabynda «Garaşsyz diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk–barlygymyz, Garaşsyzlyk- bagtymyz» diýen jümleleriň türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Garaşsyzlyk–baýramy ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydygy hakynda hem täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.