logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk bagty – ykbalyň gül daragty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk bagty – ykbalyň gül daragty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler, bedew batly ösüşlere beslenýän şanly ýylymyzyň buýsançly şygary, Garaşsyz döwletimiziň 35 ýylyň içinde gazanan beýik üstünlikleriniň aýdyň beýany bolup, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň mekanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlygyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň we röwşen geljeginiň sarsmaz binýady bolup, eziz Watanymyza buýsanjyňy has-da artdyrýandygyny guwanç bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.