logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ

Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Şöhratly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toý baýramçylygyna barýar. Biz Mary welaýatynyň Taryhy we Ülkani Öwreniş Muzeýiniň işgärleri bolup, bu dabaraly baýramçylyga öz zähmet üstünliklerimiz bilen barýarys. Ynha bu gün muzeýmiziň birinji gatynda ýerleşýän wagtlaýyn sergi zalynda baýramçylyga bagyşlanan «Garaşsyzlyk bagtymyz» atly sergi gurnalyp, onuň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara muzeý işgärleri hem-de ýaş talyplar, ýaşuly nesiller uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Sorag-jogaplar alyşylyp buýsançly sözler bilen birek-birege gutlag sözleri aýdyldy.

Sözleýäs biz bu gün gezek-gezegne

Bu gözel döwrümiň edip tarypyn

Şeýdip ertirlere ýetirýäris biz

Düýniň hem şu günüň beýik taryhyň !

Geçmişi şöhratly, şu güni buýsançly, geljegi nurana türkmen halky ! toýlar mübärek , gutly bolsun!

Şu beýik döwri öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebesi belent bolsun!


GURBANJUMAÝEWA.D

Muzeýiň ylmy işgäri