logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GANATY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçylary «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtymyzyň ganaty» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik guraldy.

Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk döwründe medeniýetimiziň, sungatymyzyň uly ösüşlere eýe bolandygy barada aýdyp geçdiler. Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly hormatly prezidentimiziň dürli dillerde ýazylan eserleri barada täsirli gürrüňler etdiler. Kitabyň adamzada edýän täsiri, dünýägaraýşyňy giňeldýänligi barada belläp geçdiler. Kitaphana pudagynyň ösüşi, okyjylara hyzmat etmek, okyjylary hasaba almak, talyplary we ýaşlary kitaphana çekmek hem-de kitaphanada alnyp barylýan işler barada täsirli söhbet edildi.

Kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.