logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy” atly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler geçen 35 ýylyň ýylyň dowamynda ähli ugurlar boýunça ýetilen beýik sepgitler, gazanylan zähmet üstünlikleri barada buýsançly gürrüňler etdiler. Şeýle-de ýyndamlykda, owadanlykda dünýäni haýran galdyrýan ahalteke bedewlerimiziň gelip çykyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, şöhratly taryhymyzda eýeleýän orny we häzirki wagtda bedewlere goýulýan hormat-sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Ganatly bedewlerimize bagyşlanan sergi aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de bedewlerimiziň şekili suratlandyrylan nakgaşlyk eserler ýerleşdirildi.

Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.