Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň we okyjylaryň gatnaşmaklarynda, şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy” atly kitap sergisi gurnaldy.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Mundan başga-da Seýrek neşirler bölümiň gaznasyndaky bar bolan kitaplaryň we irki döwürleriň gazet-žurnallarynyň sergisi we bölüme täze gelip gowşan neşirleriň sergisi giňden gurnaldy we okyjylar köpçüligine ýetirildi. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergi gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.