logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň sakasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň sakasy” ady bilen söhbetdeşlik gurnady.

Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk, alnyp barylýan işler, medeniýet ulgamynyň ösüşi, kitaphanalaryň sanly ulgamy barada giňişleýin gürrüň edildi. Gruziýanyň Milli kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama barada hem giňişleýin gürrüň berildi.

Söhbetdeşlige gatnaşan hünärmenler şular ýaly bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.