Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebinde “Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy” atly duşuşyk geçirdi. Garaşsyzlyk ata-Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyz. Dünýä bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar goşa ganatymyz bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.