logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy – bedew batly öňe barýar Diýarym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy – bedew batly öňe barýar Diýarym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýandygy, ýurdumyzyň okgunly ösüşleri her bir raýatymyzy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyryp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde atalyk aladalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna, ýaşlaryň döredijiligine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.