logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap birleşmesiniň, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň we kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlerimiz, gazanan üstünliklerimiz dogrusynda uly işler durmuşa geçirilýändigi barada we ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy dogrusynda giň gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Ýollary nurly-geljegi röwşen Watanym” atly guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde adamlaryň sagdyn, ruhubelent ýaşamaklaryna döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.