logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri we Bibliografiýa bölümi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş eden kitaphana hünärmenleri asly Oguzhandan gaýdýan ata-Watanymyz bu gün özüniň Garaşsyz baky Bitarap döwletini berkarar etdi. Ýurdumyz bu ýörelge bilen ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik özbaşdaklyk bagtyýar geljege ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk bagtymyzyň buýsanjy” atly kitap sergisi hem gurnaldy.

Bu çäre türkmen halkynyň taryhyny hem-de geçmişimizi çuňňur öwrenmeklikde, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.